DÖWLET BAŞTUTANYMYZYŇ GOL ÇEKEN RESMINAMALARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny has-da ösdürmek, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem Ahal welaýatynyň bilim edaralarynyň orta hünär bilimli işgärlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini bellenen tertipde döretmek hem-de şu okuw mekdebiniň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine 2023-2024-nji okuw ýylyndan talyplary okuwa kabul edip başlamak bellenildi.

***

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, saglygy goraýşy düýpli özgertmäge gönükdirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan uly üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri mundan beýläk-de berkitmek, şeýle hem Ahal welaýatyndaky kesel anyklaýyş merkezlerini, hassahanalary, “Ene mähri” merkezlerini we derman serişdelerini öndürýän kärhanalary işine ussat orta hünär bilimli işgärler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebini bellenen tertipde döretmek, Bilim ministrligi bilen ylalaşyp, şu okuw mekdebiniň Tertipnamasyny taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Saçly Dursunowa adyndaky Ahal welaýat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine 2023-2024-nji okuw ýylyndan talyplary okuwa kabul edip başlamak bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary (turkmenistan.gov.tm)