TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IORDANIÝA HAŞIMIT PATYŞALYGYNYŇ PATYŞASYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýne we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Patyşa Abdulla II ibn Al Husseýne tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)