TÜRKMENISTANYŇ IKI SANY YOKARY OKUW MEKDEPLERINDE ÝUNESKO KAFEDRALARY DÖREDILDI

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny açyp, bu ýokary okuw mekdepleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli resminamalara şu mazmunly goşmaçalar girizildi:

— “Medeni miras: geçmişden geljege” ÝUNESKO kafedrasy;

— “Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi” ÝUNESKO kafedrasy.

Türkmenistanyň iki sany yokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralary döredildi (turkmenistan.gov.tm)