«CREATIVEWORLD-2023» SERGISI: MERKEZI AZIÝALY USSATLARYŇ IŞLERI

Frankfurtda (Germaniýa) 4-7-nji fewral aralygynda “Creativeworld-2023” halkara sergisi üstünlikli geçdi, oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň ̶ Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wekilleri gatnaşdylar. Serginiň temasy ̶ suratkeşleriň ýa-da zehinli hünärmenleriň güýmenje hökmünde döreden işleridir, özi-de her iş edara jaýlarynyň, şeýle hem ýaşaýyş öýüniň içini bezemek ýa-da häzirki zaman geýim nysagyna kybap gelmek ýaly amaly häsiýetli bolmalydy. Onda awtoryň bilim boýunça suratkeş bolmagy hökman däl-de, esasy zat – çeper zat döretmek bolmaly.

Sergide ýurdumyzdan Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Täjigul Gurbanowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy Jeren Gurbanowa we telekeçi Şasenem Garlyýewa elde ýasalan işlerini görkezdiler.

Sergä gatnaşanlar ýurdumyza gaýdyň gelenlerinden soň, Aşgabatdaky Fransiýa institutynda «Creativeworld-2023» sergisi bilen tanyşdyrylyş boldy, oňa «Sungat bazarlaryna» we «Ussatlar ýarmarkalaryna» işjeň gatnaşýan senetçiler - Frankfurt şäherinde görkezilen önümleriň eýeleri gatnaşdylar. Täjigul Maýlyýewna bu ýere gelenlere Frankfurta ýatdan çykmajak gezelenç, «Creativeworld-2023» sergisinde türkmen pawilýonynyň açylyşy, dürli ýurtlardan gelenleriň türkmen milli ýörelgesindäki dokma şaý-seplerine, keteniden dokalan boýun ýaglyklara, kendir ýüpekden örülen ýankitapça-gündeliklere we başga-da ençeme zatlara höwes bilen syn edendikleri barada gyzykly gürrüň berdi.

- Sergide goýlan zatlar satylmaýardy. Sergä gelenler esasanam Irina Dorofeýewanyň gündogar tilsiminde monjuklar düzümini, Dmitriý Filipçenkonyň panbarhat suratlaryny, Jeren Gurbanowanyň milli suratly reňkli aýna sagadyny haladylar – diýip, ol belledi.

Sergä gatnaşyjylar milli lybaslarymyzy has gowy gördüler. Bu bolsa biziň işlerimiziň saýrydygyny görkezdi. Milli zenan köýneklerimiz we şaý-seplerimiz daşary ýurtly myhmanlary haýran etdi. Biz ilimiziň zehinli adamlary hakda gürrüň berdik we olaryň döredijiligiň dürli ugurlaryndaky işlerini görkezdik. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistana we onuň gadymy hem-de müdimi ýaş milli medeniýetine buýsandyk.

«Creativeworld-2023» sergisinde beýleki ýurtlaryň ekspozisiýalaryna hem özara gyzyklanma döredi. Mysal üçin, gazak we gyrgyz senetçileriniň keçeden hem-de ýüpekden döreden önümleri göwnümize ýarady. Gyrgyzystanly çeper elli ussatlar keçe basmagyň täze usulyny türkmen kärdeşlerine öwretjekdigini aýtdylar.

USAID-iň Türkmenistandaky wekili Nino Nadiradze özüne ynam bilen işlerini daşary ýurt sergisine iberendikleri üçin çeper elli ussatlarymyza hoşallyk bildirdi, bu sergi bu türkmen ussatlaryny halkara derejesine çykardy. Indiki sergä gatnaşjaklar 10 tapgyrda saýlanylar.

«Creativeworld-2023» sergisi: Merkezi Aziýaly ussatlaryň işleri (turkmenistan.gov.tm)