MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIK MIRASY YLMY-EDEBI JEMGYÝETÇILIGIŇ ÜNS MERKEZINDE

Türkmenistanda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyga taýýarlyk işleri dowam edýär.

2024-nji ýyl Türki döwletleriň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýlip yglan edildi.

Ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň arasynda görnükli şahyryň döredijilik mirasyna bolan gyzyklanma barha artýar.

Şeýle hem dünýä boýunça edebiýatyň muşdaklarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bolan gyzyklanma asla peselmäýär.

Magtymgulynyň daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edilen eserleri şahyryň Watanynda we onuň çäginden daşarda hem öwrenilýär

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasy we Nyzami Genjewi adyndaky edebiýat instituty Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirdi. Maslahatyň esasy temasy türkmen şahyrynyň dünýä edebiýatyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandy hakynda boldy.

Ýakynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinide geçirilen maslahatda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi maslahatyň esasy temasy boldy. Maslahata gatnaşyjylaryň ̶ terbiýeçileriň, ýaş ýazyjylaryň we şahyrlaryň Magtymgulynyň köptaraplaýyn eserlerinde möhüm meselelere ̶ watançylyk, doganlyk, haýyr-sahawat meselesine ünsi çekildi.

Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň edebi mirasynyň ýaş nesilleri terbiýelemekde tükeniksiz çeşme bolup durýandygyny bellediler.

Mary şäherindäki Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda hem uly medeni çäre geçirildi. Bu ýerde kitaphananyň işgärleri kitap sergisini gurap, köpçülige şahyryň ýygyndylaryny we Türkmenistan hakda dürli kitaplary hödürlediler. Magtymgulynyň filosofiki we liriki goşgulary ýaş şahyrlar tarapyndan ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, ýadygärligiň golaýyndaky meýdançada, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sungat işgärleri baýramçylyk günlerine bagyşlanan edebi we aýdym-saz kompozisiýasy bilen çykyş etdiler.

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy ylmy-edebi jemgyýetçiligiň üns merkezinde (turkmenistan.gov.tm)