TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGYNY GUTLADY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustine doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, Russiýanyň Premýer-ministriniň ýakynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň we onuň çäklerinde geçirilen gepleşikleriň, işewürlik maslahatynyň özara bähbitli türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm tapgyra öwrülendigini belledi hem-de hyzmatdaşlygyň dostlugyň we ynanyşmagyň iň gowy däpleri esasynda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)