TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BOLGARIÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Rumen Radewe ýurduň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Rumen Radewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Bolgariýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)