TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNY GUTLADY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.

“Bu ýokary wezipä gaýtadan saýlanmagyňyz Siziň döwlet dolandyryşy babatda öňe sürýän konsepsiýalaryňyzyň we pikirleriňiziň halk tarapyndan doly goldanylýandygynyň, durmuşa geçirýän netijeli içeri we daşary syýasatyňyzyň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Biz Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýäris” diýlip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygynyň parasatly baştutanlygynda ýurduň öz ösüşinde täze belentliklere ýetjekdigine, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine has-da pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)