TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGYNY GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.

“Siziň parasatly baştutanlygyňyzda soňky ýyllarda Hytaý depginli ösýär, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, halkara işlerde işjeň orny eýeleýär. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin. Şu ýylyň ýanwar aýynda Siziň ýurduňyza amala aşyran döwlet saparymyň çäklerinde bu gatnaşyklara täze itergi berildi” diýip, döwlet Baştutanymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny has ýokary derejä çykarmak üçin bilelikde mundan beýläk-de ähli tagallalary etmäge taýýardygyny beýan edip, HHR-iň Başlygy Si Szinpine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Hytaýyň dostlukly halkynyň bähbitlerine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady (turkmenistan.gov.tm)