TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERINI GUTLADY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi mynasybetli gutlady.

“Biz Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berýäris. Türkmen-hytaý köpugurly hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde geljekde-de halklarymyzyň bähbidine ösdüriljekdigine berk ynanýaryn” diýlip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň hatynda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýerini gutlady (turkmenistan.gov.tm)