TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERINI GUTLADY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Li Sýany Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri wezipesine bellenilmegi bilen gutlady.

“Biz Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan strategik gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek üçin bar bolan uly mümkinçilikleri durmuşa geçirmek arkaly bilelikde tagalla etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, üstünlik, Hytaýyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýerini gutlady (turkmenistan.gov.tm)