ARKADAG ŞÄHERINDE GURLAN BILIM, SAGLYGY GORAÝYŞ, MEDENIÝET EDARALARYNA WE SUNGAT BINASYNA TÜRKMEN HALKYNYŇ GÖRNÜKLI ŞAHSYÝETLERINIŇ ATLARYNY DAKMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ KARARY

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň hem-de etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şähergurluşyk we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen Arkadag şäherinde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär.

Türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň we baý medeni mirasynyň dikeldilýän we çuňňur öwrenilýän, milletiň ruhy taýdan galkynýan zamanynda dürli döwürlerde ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan adamlara uly sarpa goýulýar, olaryň atlary ebedileşdirilýär. Öz Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini we tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň zähmet we durmuş ýoly şu günki ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Ata-babalarymyzyň şöhratly pederlerimize sarpa goýmak, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza buýsanç ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň ruhubelent we sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri baradaky wesýetlerine wepaly bolup, ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we medeniýet ulgamlaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny göz öňünde tutup, «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:

Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna şu aşakdaky şahslaryň adyny dakmaly:

1. Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi» diýip atlandyrmaly.

2. Merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik ogly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gahryman Arkadagymyzyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Arkadag Binasy» diýip atlandyrmaly.

3. Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýip atlandyrmaly.

4. Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmaly.

5. Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi» diýip atlandyrmaly.

6. Atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki» diýip atlandyrmaly.

7. Arkadag şäher kitaphanasyna türkmen halkynyň nusgawy akyldar şahyry, ynsanperwerlik, agzybirlik, adalatlylyk, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyran, nesillere ahlak gözelliginiň kämil nusgasyny miras galdyran, meşhur «Wagzy-azat» eserini döreden Döwletmämmet Azadynyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy» diýip atlandyrmaly.

8. Drama teatryna türkmen teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, meşhur artist, režissýor hem dramaturg, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry» diýip atlandyrmaly.

9. Ýörite sungat mekdebine beýik sungat ussady, halypa bagşy, mukamçy-kompozitor, Ahal bagşyçylyk ýoluny esaslandyryjylaryň biri, Türkmenistanyň halk bagşysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Sahy Jepbarowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi» diýip atlandyrmaly.

10. Çagalar sungat mekdebine türkmen halkynyň ussat sazandasy, milli aýdym-saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Şükür bagşynyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi» diýip atlandyrmaly.

11. «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul eden 528-VI belgili kararyny (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 143-nji madda) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
G.Mämmedowa.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 18-nji marty.

Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary (turkmenistan.gov.tm)