img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ GRUZIÝADAKY ILÇISI BELLENILDI

photo

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

D.Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda

Döwletmyrat Seýitmämmedowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 11-nji awgusty.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

D.Seýitmämmedow hakynda

Döwletmyrat Seýitmämmedowy Türkmenistanyň Gruziýadaky (Tbilisi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 11-nji awgusty.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi bellenildi (turkmenistan.gov.tm)