img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINI GUTLADY

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ýun Sok Ýola tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Koreýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady (turkmenistan.gov.tm)