TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şunda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda belleniljek doglan gününiň 300 ýyllyk dabarasyna taýýarlyk çärelerine möhüm ähmiýet berildi.

“Aziýanyň merjeni” diýen ada mynasyp bolan Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň baş şäheriniň täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan desgalary bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilmegi paýtagtymyzyň binalarynyň özboluşly keşbiniň we ýokary hiliniň ykrarnamasydyr.

Ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki belent baýryň üstünde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň heýkeli uzaklardan seleňläp görünýär. Häzirki wagtda bu ýerde ýadygärlik toplumyna ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň ýanyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlary we Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Hormatly Arkadagymyz toplumyň ähli çäginiň we ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna, ekologiýa hem-de arassaçylyk ýagdaýyna zerur üns berilmelidigini belledi. Beýik şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy şäheriň günorta künjegindäki beýleki desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidir. Şunda bezeg işlerine hem-de olaryň özboluşly milli binagärlik çözgüdi bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigine üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri biziň halkymyzyň umumadamzat medeni hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyra belent sarpa goýýandygyny belledi. Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlarynyň dünýä halklarynyň dürli dillerine terjime edilmegi beýik akyldaryň kämil döredijiliginiň halkara derejede ykrar edilýändiginiň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, şahyryň döredijiliginiň çuňňur öwrenilmeginiň, aýratyn-da, bu işe ýaşlaryň işjeň çekilmeginiň wajypdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Dünýä edebiýatynyň naýbaşy eserleriniň hatarynda pugta orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä alymlarynyň, edebiýatçylarynyň üns merkezinde saklanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow beýik akyldaryň öçmez-ýitmez eserleriniň giňden wagyz edilmeginiň, türkmen ýazyjylarynyň häzirki zaman eserlerinde Magtymguly Pyragynyň wasp edilmeginiň möhümdigini nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde taýýarlanan taslamalar we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Wise-premýer B.Annamämmedow toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň yşyklandyryş ulgamy, desgalarynyň diwarlarynda ýerleşdiriljek ýazgylar, şeýle hem toplumyň agşamky görnüşleri bilen baglanyşykly şekil taslamalary hem-de olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli çyzgylar barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagynyň, ýaşyl zolaklaryň döredilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň paýtagtymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýandygyny belledi hem-de bu täsin künjegi abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga öwürmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Medeni-seýilgäh toplumynda täzeçil tehnologiýalary ulanmagyň möhümdigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe bellikleri etdi we bu künjegiň, aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň agşamlaryna ýokary derejede ýagtylandyrylmalydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge jogapkärli we toplumlaýyn çemeleşilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Soňra bu ýerde wise-premýer M.Mämmedowa Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli işlenip taýýarlanylýan medeni maksatnama hem-de onuň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän köpçülikleýin çärelere, teatrlaşdyrylan çykyşlara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz bu iri medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagynyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň 300 ýyllygynyň giňden baýram ediljek senesiniň hormatyna geçiriljek giň gerimli dabaralaryň özboluşly başlangyjyna öwrüljekdigini belläp, toplumyň açylyş dabarasy mynasybetli guraljak çäreleriň ýatda galyjy pursatlara beslenmelidigine ünsi çekdi hem-de sözüni dowam edip, taryhy ähmiýeti boljak sene mynasybetli guraljak aýdym-sazly çykyşlar häzirki döwrüň ruhuna kybap gelmelidir we olarda mähriban Watanymyzyň ösüşi, şahyra ählihalk söýgüsi öz beýanyny tapmalydyr diýip belledi.

Gahryman Arkadagymyz diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň dürli künjeklerinde akyldar şahyrymyzyň döredijiligine, şeýle hem ýetip gelýän şanly senä bagyşlanyp, medeni çäreleriň ýaýbaňlandyrylýandygyny belläp, bu işleriň mähriban Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen ýola goýýan medeni gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanydygyny aýtdy.

Şahyryň goşgy setirlerinde watançylyk, ynsanperwerlik, il-halkyna wepalylyk, halallyk, belent adamkärçilik ýaly pelsepewi garaýyşlaryň beýan edilmegi Magtymgulynyň döredijilik äleminiň çygrynyň giňdigini açyp görkezýär. Bu dürdäne setirler häzirki wagtda halkymyzyň däp-dessurlarynda öz beýanyny tapmak bilen, ýol-ýörelgämize öwrülen mizemez gymmatlyklardyr. Beýik şahsyýetiň umman ýaly giň şygryýet dünýäsi ýazyjy-şahyrlarymyzyň, bagşy-sazandalarymyzyň ylham çeşmesine öwrüldi diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berip, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça taslamalar we ýoluň ugrunyň çyzgylary bilen tanyşdyrdy.

Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ähli gurluşyk işlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň ýol gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň hil taýdan ýokary derejede bolmagy, olaryň dünýä ülňülerine we häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelmegi möhüm wezipe bolup durýar.

2024-nji ýylda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi uly dabaralar bilen belleniler. Bu toýa halkymyz uly üstünlikler, belent sepgitler bilen barýar.

Şanly sene mynasybetli sowgatlyk hökmünde akyldar şahyrymyzyň ýörite heýkeljikleriniň taýýarlanylmagynyň göz öňünde tutulmagy babatda Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Magtymguly Pyragynyň belent heýkeline, seýilgäh toplumyna gezelenç etmek bilen bir hatarda, ulagly syýahat etmek üçin hem ýörite elektromobilleriň hyzmaty ýola goýulsa, maksadalaýyk bolar diýip, Milli Liderimiz belledi.

Hormatly Arkadagymyz sanlyja günden täze okuw ýylynyň başlanjakdygyny, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe bilim ojaklarynyň açylyş dabaralarynyň guraljakdygyny belläp, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň Milli Lideri 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň teatrlarynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly sahna oýunlarynyň goýulmagynyň, olara okuwçy we talyp ýaşlaryň gatnaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de bu barada wise-premýer N.Amannepesowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem çeper döredijilige aýratyn gadyr goýýan alym Arkadagymyz dynç alyş günlerinde Magtymguly Pyragynyň öňde boljak şanly senesi barada oýlanyp, täze goşgusyny döredendigini aýtdy we ony ajaýyp seýilgäh toplumynyň saýaly oturgyjynda oturan ýerinde okap berdi.

Täze goşgynyň ilkinji diňleýjileri bolmak bagty miýesser eden wise-premýerler we häkim Gahryman Arkadagymyza döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek baradaky meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny ýene bir gezek belledi. Bu toplum ýurdumyzyň ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň söýgüli künjegine öwrülmelidir, çeper döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlary täze döredijilik ylhamyna ruhlandyrmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy (turkmenistan.gov.tm)