TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT
2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi” atly halkara maslahaty geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, daşary ýurt we milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Halkara maslahaty açmak bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň ähli ugurlarda uly özgertmeler ýoluny ynamly alyp barýandygyny we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýurdy häzirkizaman ösen döwletleriň hataryna çykarmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýändigini belledi. Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny amala aşyrmakda saýlap alan ugry, dünýä açyklygy hem-de ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga taýýarlygy munuň üçin iň möhüm şert bolup durýandygy nygtaldy.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň daşary syýasatda we diplomatiýada, ykdysady pudaklary hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmakda we ilatyň durmuş abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmakda uly üstünliklere eýe bolandygyny bellediler. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, milli maksatnamalar we taslamalar durmuşa geçirýär.
Döwlet Baştutanymyzyň dünýä we sebit gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen innowasion daşary syýasat başlangyçlarynyň giň halkara derejesinde ykrar edilýändigi we goldawa eýe bolýandygy nygtaldy.
Şu nukdaý nazardan, maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň münberinden öňe süren halkara başlangyçlarynyň we teklipleriniň möhümdigine we derwaýysdygyna aýratyn ünsi çekdiler.
Garaşsyz Türkmenistanyň saýlap alan parahatçylyk, dostluk, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan oňyn bitaraplyk ýolunyň netijeliligi aýratyn bellendi. Häzirki wagtda Türkmen döwletiniň ählumumy geosyýasy giňişligindäki ornunyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy we halkara gatnaşyklary ulgamynda milli bähbitleri üpjün etmek babatynda berk garaýyşa eýedigi nygtaldy. Ählumumy syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanper we beýleki ugurlara işjeň gatnaşmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki mümkinçiliklerini barha açyp görkezýär.
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi” atly halkara maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan sergi guraldy.