DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ ХХV MASLAHATYNY ÇAGYRMAK HAKYNDA DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy giňden bellenilip geçiljek 2024-nji ýylda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzy türkmeniň döwletli däplerini dowam etdirip, bir supranyň başynda jemlenip, döwletimiziň Bitaraplyk syýasatyny, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmak, halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny öwrenmek, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dünýä ýaýmak hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХV maslahatyny 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde çagyrmaly.

2. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi, onuň ХХV maslahatyna gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurtly wekilleri çagyrmak, degişli resminamalary taýýarlamak, maslahaty geçirmek bilen bagly beýleki guramaçylyk-taýýarlyk işleriniň ýokary derejesini üpjün etmeli.

3. Şu Kararyň ýerine ýetirilişine Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary R.Bazarow gözegçilik etmeli.

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer
birleşiginiň Prezidenti, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХV maslahatyny çagyrmak hakynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň KARARY (turkmenistan.gov.tm)