TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ TOPLUMY: ÖSÜŞIŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY

Türkmenistan şanly, ykbal ähmiýetli senäniň — Garaşsyzlygyň 32 ýyllygynyň bosagasynda dur. Özygtyýarly ösüş ýyllarynda ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan uly üstünlikleri gazandy. Milli ykdysadyýetiň esasy ulgamlarynyň biri bolan nebitgaz pudagy ykdysady garaşsyzlygy has-da berkitmekde möhüm orny eýeleýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini we onuň halkara energoulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny ugur edinýär. Ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem uly orun eýeleýär. Türkmenistan nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýe bolup, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, energiýa çeşmeleriniň ugradylýan çäklerini giňeltmäge çalyşýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biz nebitgaz senagatyny hem-de tebigy gazyň dünýä bazaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça uly işleri amala aşyrýarys. Döwlet energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod kuwwaty türkmenistanlylaryň we dünýäniň beýleki halklarynyň bähbidine gönükdirilýär. Bu ugurda görülýän çäreler oňyn netijesini hem berýär.

Türkmenistan dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Energiýanyň gymmat däl, ygtybarly, ekologik taýdan arassa çeşmelerine giň mümkinçilikleriň bolmagy ähli ýurtlaryň okgunly ösmegi, halklaryň abadançylygy üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Halkara bileleşigiň tagallalary üçünji müňýyllygyň şol maksadyna ýetmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara forumlaryň mejlislerinde degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýşyny ençeme gezek beýan etdi. Milli Liderimiziň netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe boldy we olar 2008-nji hem-de 2013-nji ýyllarda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidildi.

Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlary bu gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynda-da Garaşsyz Türkmenistan durnukly we ygtybarly energetika mobilligi hakynda Kararnamany kabul etmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Bu resminama energiýanyň gymmat bolmadyk, ygtybarly, durnukly we döwrebap çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara ýardam etmek maksadyny özünde jemleýär. Şeýle-de BMG-niň 2014 — 2024-nji ýyllar üçin durnukly energetikanyň onýyllygynyň netijelerini jemlemek üçin 2025-nji ýylda Türkmenistanda «Durnukly energetika hemmeler üçin» atly halkara forumy geçirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Türkmenistan energetika netijeliligine we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýär hem-de bu ugurlarda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen hyzmatdaşlyga taýýardyr. Türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen daşarky bazarlara ibermek ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Garaşsyzlyk ýyllarynda geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde, “Galkynyş” gaz käninde senagat ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy bilen, ýurdumyzda ägirt uly ýerasty uglewodorod gorlarynyň bardygy ýüze çykaryldy. “Galkynyş” gaz käniniň gory «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde 27 trillion kub metre golaý möçberde kesgitlenildi. “Galkynyş” gaz känini senagat möçberinde özleşdirmek pudagyň gaz binýadyny artdyrmak bilen bagly bolan giň gerimli maýa goýum taslamalarynyň biridir. Çeşmesi “Galkynyş” gaz käni bolan, “Asyryň taslamasy” diýlip atlandyrylan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi Milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagynda 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda açylyp ulanmaga berlipdi. Şol sene hem nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin ýatdan çykmajak senä öwrüldi. Çünki şol günden bäri her ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärleriniň güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär.

Bu gün türkmen tebigy gazy Döwletabat — Derýalyk, Körpeje — Gurtguýy, Döwletabat — Hangeran gaz geçirijileri arkaly daşarky bazarlara iberilýär. Türkmen mawy ýangyjynyň Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen dostlukly Hytaýyň ojaklaryna iberilmegine biziň döwletimiziň halkara energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşýan goşandy hökmünde garamak bolar. Geçirijilik ukyby ýylda 30 milliard kub metre deň bolan Gündogar — Günbatar gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi bolsa ýurdumyzyň ähli gaz geçirijilerini bir bitewi ulgama birleşdirdi. Netijede, bu ugur türkmen energiýa serişdelerini Hazaryň üsti bilen halkara bazarlara akdyrmak üçin möhüm şerti döretdi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenip belleniljek günleriniň öňüsyrasynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen geçiren umumy sapagynda: «Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy çeşmesi bolup durýar. Türkmenistan tebigy gazy we elektrik energiýasyny eksport edýän ýurtdur. Asyryň iri taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir» diýip belledi. Hakykatdan-da, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky anyk ädim bolup, milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň täze ulgamlaryny döretmek üçin ygtybarly gural bolup hyzmat eder. Bu iri gaz geçiriji türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa ýurtlaryna iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam bermegiň hem esasy şerti bolup durýar. Ol, aýratyn-da, goňşy Owganystany parahat ýagdaýda dikeltmek, onuň durmuş-ykdysady düzümini ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm meseleleri çözmäge, goňşy halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Häzirki wagtda türkmen tebigy gazyny dürli ugurlar boýunça eksport etmegiň çig mal binýady berkidilýär we düzümi ösdürilýär. “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek babatda alnyp barylýan işler hem muňa doly şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý bolan ýataklary ýüze çykarmak, nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň dürli ugurlaryny döretmek, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmak, guýulary burawlamak, düýpli abatlamak boýunça işleri çaltlandyrmak, şol sanda ýöriteleşdirilen daşary ýurt kompaniýalaryny we maýa goýumlary işjeň çekmek babatda alnyp barylýan işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Energiýa serişdelerine artýan içerki islegi kanagatlandyrmak ýangyç-energetika toplumynyň ýene bir möhüm wezipesi bolup durýar. Ol ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty ýaly pudaklaryň ösüş depginleri bilen şertlendirilendir.

Gaz senagatynda täze taslamalary amala aşyrmak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady strategiýasyna laýyklykda, tutuş halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi ugur edinýän wezipeleriň çözülmegi daşary ýurtlarda uly islege eýe bolan önümleriň öndürilýän görnüşlerini we möçberini artdyrmaga gönükdirilendir. Şu maksat bilen, uglewodorod çig malynyň düýpli gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilen önümçilikleriň kuwwaty tapgyrma-tapgyr artdyrylýar. Muňa mysal hökmünde tebigy gazy gaýtadan işläp, dürli önümleri öndürýän Gyýanlydaky polimer zawodyny, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody görkezmek bolar. Nebitiň we gazyň çykarylýan möçberiniň artmagy, pudagyň çig mal binýadynyň berkidilmegi, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarýan köpugurly ulgamyň döredilmegi bilen bir hatarda, energetika pudagyna degişli kärhanalaryň tehniki we tehnologik taýdan enjamlaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek boýunça kärhanalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly üns berilýär.

Ýurdumyzda nebit çykarmak babatda alnyp barylýan işleri Garaşsyz Türkmenistanda ykdysady garaşsyzlygy üpjün etmegiň ýene bir ugry hökmünde görkezmek bolar. Bu babatda «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan möhüm işler durmuşa geçirilýär. Türkmen nebitçileri bu gün adaty nebit guýulary bilen bir hatarda, has çuň guýulary burawlamak arkaly “gara altynyň” has çuň gatlaklarda ýerleşýän gorlaryny almagyň hötdesinden gelýärler. Milli baýlygymyz bolan “gara altyn” häzirki wagtda düýpli özleşdirilýän Uzynada, Barsagelmez, Goturdepe, Demirgazyk Goturdepe, Gamyşlyja, Keýmir, Altyguýy ýaly nebite baý bolan meýdançalarda çykarylýar. Türkmenistanyň gury ýer bölegi bilen birlikde, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşen ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlary hem üstünlikli özleşdirilýär. Bu işleri üstünlikli ýerine ýetirmekde bolsa «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda amatly maýa goýum gurşawy döredilýär we kanuny şertler üpjün edilýär.

Häzirki wagtda önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşyklar esasynda «Bagtyýarlyk», «Nebitdag», «Hazar», «Çeleken», «Toplum-I» şertnamalaýyn çäklerinde nebitgaz işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň Türkmenistanda iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge bolan gyzyklanmalary has-da artýar. Bu babatda ulanyşyň giçki tapgyryndaky nebitgazly känleriň önümli gatlaklarynda çykarylman galan nebit gorlarynyň çykarylýan möçberini artdyrmak, şol sanda ulanyş guýularynyň önümliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, maýa goýumlaryň hasabyna Singapuryň «Ýug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýeti, Hytaý Halk Respublikasynyň «Sinopec» kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýan hyzmat işlerini mysal getirmek bolar.

Türkmenistanda nebite we gaza, ýerasty suwlara, mineral çig mallara, gurluşyk serişdelerine baý bolan ýataklary gözlemek, ýüze çykarmak işi türkmen geologlary tarapyndan alnyp barylýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde olar ýurduň ýerasty gurluşyny we baýlyklaryny öwrenmekde, ygtybarly mineral çig mal binýadyny döretmekde we ösdürmekde ägirt uly meýilnamalaýyn işleri amala aşyrýarlar. Ýurduň mineral çig mal serişdeleriniň ýagdaýy häzirki wagtda üstünlikli hereket edýän senagat kärhanalarynyň uzak wagtlap ygtybarly işlemegini, olaryň kuwwatlylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýär.

Soňky onýyllyklarda geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň netijesinde, dünýä ölçeginde göwrümi uly hasaplanýan “Galkynyş”, “Ýaşlar”, “Zäkli-Derweze”, “Garajaowlak” we başga-da birnäçe tebigy gaza, gaz kondensatyna baý bolan ýataklaryň üsti açyldy, olaryň gorlary barlanyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň günorta-günbatarynda ýerleşýän, çuň burawlamany talap edýän “Uzynada” gaz kondensat ýatagynyň üsti açyldy. Açylan ýataklaryň we döredilen çig mal binýadynyň esasynda ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatly pudagy bolan ýangyç-energetika toplumynda iri senagat kärhanalary döredildi we olar üstünlikli hereket edýär.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen geologlary tarapyndan agyz, mineral we senagat suwlaryny gözlemekde, barlamakda uly işler amala aşyryldy. Häzire çenli jemi ýerasty agyz suw ýataklarynyň 107-si ýüze çykaryldy we gorlary tassyklanyldy. Olardan Ahal welaýatyndaky Sünçe, Kelete, Kaka, Mary welaýatyndaky Tagtabazar-I, Söýünaly, Bathyz-I, Lebap welaýatyndaky Halaç-II, Dostluk, Balkan welaýatyndaky Çilmämmetgum, Orta Sumbar, Daşoguz welaýatyndaky Şabat, Şasenem-I suw ýataklaryny mysal getirip bolar. Bu ýataklar ilatymyzy, senagat kärhanalaryny we öri meýdanlary, maldarçylygy suw bilen doly üpjün edýär. Mundan başga-da, 14 sany mineral we 6 sany senagat suwlarynyň ýataklary gözlenip tapyldy hem-de gorlary tassyklanyldy.

Geologiýa işleriniň esasynda Gowurdagyň kükürt, Arygyň we Sakyrtmanyň selestin, Gyzylgaýanyň kaolin, Tüwergyryň kömür, Oglanlynyň bentonit, Balkanyň, Köpetdagyň we Köýtendagyň sement çig malynyň, Mänäniň kwars gum daşlarynyň, Guwlynyň nahar duzunyň we başga-da birnäçe çäge-çagyl ýataklarynyň açylmagy hem-de barlanylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatlylygynyň berkemegine öz saldamly goşandyny goşýar. Ýüze çykarylan dürli görnüşli çig mal gorlarynyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmekde geljegi uly bolan birnäçe senagat kärhanalary gurlup ulanmaga berildi. Olardan Bäherdeniň, Keletäniň, Balkanyň, Lebabyň sement zawodlaryny, Garlygyň dag-magdan kaliý toplumyny, «Türkmenaýnaönümleri» kombinatyny, Owadandepedäki granit-mermer zawodyny, «Garabogazsulfat», «Guwlyduz» kärhanalaryny agzamak bolar.

Türkmenistan ägirt uly gorlara eýe bolup, gazylyp alynýan baýlyklaryny tutuş adamzadyň bähbidine ulanmak üçin energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak bilen bir hatarda, nebiti we gazy gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleri döretmäge uly üns berýär. Bu babatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik kuwwatlyklary yzygiderli artdyrylýar. Häzirki wagtda zawodlar toplumynda awtomobil benzinleri, dizel ýangyjy, uçar, yşyklandyryş we tehniki kerosinleri, suwuklandyrylan gaz, çalgy ýaglary we polipropileniň dürli görnüşleri, gyzdyrylan nebit koksy, ýol we gurluşyk bitumlary, dürli galyňlykdaky polipropilen örtügi we beýleki nebithimiýa önümleri öndürilýär. Geljekde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçilikleri jikme-jik seljeriler, olary has-da ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary, şu günüň talaplaryny we dünýä bazaryndaky islegi nazara almak bilen, nebit önümleriniň görnüşleri kesgitleniler.

Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ünsüni energetika howpsuzlygy meselelerine çekmek arkaly soňky ýyllaryň dowamynda daşary ýurt kompaniýalary bilen gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň, Ýewropa, Aziýa, Amerika yklymlaryndan öňdebaryjy önüm öndürijileriň bilelikde işlemegi göni netijeli gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek, pudagy ösdürmegiň dünýä meýilleri we mümkinçilikleri bilen tanyşmak arkaly bellenilen maksatlara ýetmäge ýardam edýär. Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergiler, duşuşyklar we maslahatlar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden ýaýmak, nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. Energetika ulgamynda özara gatnaşyklary berkitmegi we giňeltmegi ugur edinýän bu iri ýöriteleşdirilen forumlar diňe däbe öwrülen görnüşde däl-de, eýsem, dünýäniň onlarça ýurtlaryndan wekilleriň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly gatnaşmak esasynda hem geçirilýär. Çärelere Hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriň, edaralaryň, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň, diplomatik we ylmy toparlaryň wekilleri, daşary ýurtly bilermenler gatnaşýarlar.

Forumlarda energiýa serişdeleriniň öndürilmegini, ugradylmagyny we sarp edilmegini gurşap alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň ýörelgeleri, energetika diplomatiýasyny, gaýtadan dikeldilýän energetikany, uglewodorodlary gazyp almakda innowasion tehnologiýalary we nou-haulary ösdürmek, metanyň we ugurdaş gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek bilen, täze ýataklarda nebitiň we gazyň çykarylmagyny amatlylaşdyrmak, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny özleşdirmek, ýurdumyzyň hünärmenleriniň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri — nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat üçin enjamlary öndürijiler, maýa goýum edaralary bilen gatnaşyklaryny giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Muňa mysal edip, “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahatyň 27 gezek geçirilendigini, şeýle hem daşary ýurtlarda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumlaryň birnäçe gezek üstünlikli geçirilendigini bellemek bolar. Bu çäreler dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň ösýän nebitgaz bazaryna berýän ünsüniň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudaklaryň geljegi uly bolan meýilnamalary ekologik düzüm bilen berk baglydyr. Türkmenistan tebigy serişdelerini özleşdirende, olary ulanmakda oýlanyşyklylygy, daşky gurşawy goramak hakynda aladany aýdyň görkezýär, sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär. Ulanmaga berilýän senagat desgalary munuň aýdyň mysaly bolup, olarda ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energiýa serişdeleri gazylyp alnanda, önümçilige netijeli gorag serişdeleri ornaşdyrylanda ekologik töwekgelçilikleri azaltmak, döwrebap dolandyryş çözgütlerini ulanmak üçin halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge we işjeňleşdirmäge taýýardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda geçirilýän şeýle işler oňyn netijesini berýär.

Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyny batly depginlerde döwrebaplaşdyrmagy, häzirki zaman önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümini giňeltmegi ugur edinýär. Şu nukdaýnazardan, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de önümleriň täze görnüşlerini çykarmak ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň innowasion syýasatyna laýyklykda, pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny has-da artdyrmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek sebit we dünýä derejesinde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek bilen berk baglydyr. Bu bolsa, öz nobatynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy has-da ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyna hyzmat edýär.

Nebitgaz pudagynyň işgärleri ýurdumyzyň baş baýramyny — Garaşsyzlyk gününi uly zähmet üstünlikleri, eziz Diýarymyza bolan buýsanç duýgusy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de batly depginlerde öňe gitmeginiň bähbidine täze zähmet ýeňişlerini gazanmaga bolan hyjuw bilen garşylaýarlar.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumy: ösüşiň ileri tutulýan ugurlary (turkmenistan.gov.tm)