TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY PEDERLERIMIZIŇ DÄPLERINI DOWAM ETMÄGE ÇAGYRDY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk söýüjilik däplerini dowam etmäge çagyrdy.
Bu barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.
«Türkmen halky döwlet gurujy halkdyr. Biz döwlet gurmak babatda merdana ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilik däplerine daýanyp, özygtyýarly döwleti döretdik» diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine görä, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir.
«Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýyl ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny – Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.