TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINIŇ ÄHMIÝETINI NYGTADY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini nygtady.
Bu barada Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.
«Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde giňden belläp geçeris» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine görä, ykbalyny halkyň ykbaly bilen mäkäm baglan şahyryň bu gün arzuw eden zamany geldi.
«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň we agzybirligiň, ösüşleriň ýurduna öwrüldi. Bu barada men «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgymda hem belläp geçdim» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.