GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BARADA AÝDYP BERDI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek barada aýdyp berdi.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.

«Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýolumyza eýermek bilen, biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretdik» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi.

«Biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Munuň üçin döwletimiziň hem, Gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar. Sebäbi, halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr!» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek barada aýdyp berdi (turkmenistan.gov.tm)