HORMATLY PREZIDENTIMIZ ŞU ÝYLYŇ BAŞYNDAN BÄRI JEMI IÇERKI ÖNÜMIŇ ÖSÜŞI 6,2% MÖÇBERDE DURNUKLY SAKLANÝANDYGYNY BELLEDI

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhameow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% möçberde durnukly saklanýandygy belledi.

«Durnukly ykdysady ösüş biziň uzakmöhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini hem-de işjeňligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barylýar şeýle hem gaýtadan işleýän we önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginler bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberlerini yzygiderli artdyrylýar.

«Maksatnamalaýyn alnyp barlan bu işleriň netijesinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 % möçberde durnukly saklanýar. Bu bolsa, ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň oýlanyşykly häsiýetini görkezýär» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2% möçberde durnukly saklanýandygy belledi (turkmenistan.gov.tm)