DÖWLET BAŞTUTANYMYZ ŞU ÝYL JEMI 37 MILLIARD MANATDAN GOWRAK MÖÇBERDE MAÝA GOÝUMLARYNY GOÝMAGYŇ GÖZ ÖŇÜNDE TUTULÝANDYGYNY AÝTDY

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda şu ýyl ýurdumyzda jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

«Şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýar. Bu serişdeleriň hasabyna täze önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalary gurýarys hem-de döwrebaplaşdyrýarys. Şäherlerimizi we obalarymyzy özgerdip, ýaşaýyş jaý toplumlaryny giň gerim bilen bina edýäris» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, döwrebap kärhanalarda öndürilýän, dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply önümlerimiziň möçberleri hem-de görnüşleri artýar. Bu bolsa, depginli ösýän döwletimiziň dünýäniň ykdysady, senagat, maýa goýum, ylmy-tehniki we tehnologik giňişligine ynamly aralaşýandygyny görkezýär.

«Biziň ýokary tehnologiýalara esaslanýan we bäsleşige ukyply önümleri öndürmäge, şeýle hem sebitlerimiziň ykdysady we durmuş ulgamlaryny döretmäge gönükdirilen giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalarymyz bar» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl jemi 37 milliard manatdan gowrak möçberde maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutulýandygyny aýtdy (turkmenistan.gov.tm)