ARKADAGLY SERDARYMYZ ILAT ÝAZUWYNYŇ JEMLERINDEN UGUR ALYP, GELJEK ÝYLLARDAKY MEÝILNAMALARA TAKYKLAMALAR GIRIZILSE, MAKSADALAÝYK BOLJAKDYGYNY HASAPLAÝAR

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalara takyklamalar girizilse, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

«Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl sanly tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirildi. Halkara standartlaryna doly laýyklykda ýerine ýetirilen bu işe Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilermenleri ýokary baha berdiler» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, Ilat ýazuwynyň netijeleri boýunça 2022-nji ýylyň 17-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň ilaty 7 million 57 müň 841 adam boldy.

«Şunuň bilen baglylykda, biziň öňümizde täze wezipeler ýüze çykýar. Ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalarymyza degişli seljermeler geçirilip, takyklamalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Arkadagly Serdarymyz ilat ýazuwynyň jemlerinden ugur alyp, geljek ýyllardaky meýilnamalara takyklamalar girizilse, maksadalaýyk boljakdygyny hasaplaýar (turkmenistan.gov.tm)