ARKADAGLY SERDARYMYZ HALKARA MALIÝE INSTITUTLARY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ HAS-DA IŞJEŇLEŞDIRILMELIDIGINI NYGTADY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz halkara maýa goýum mümkinçilikleri netijeli ulanylyp, milli ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak utgaşykly hem-de toplumlaýyn esasda ýola goýulmalydygyny belledi.
«Daşary ýurt döwletleri, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň Ösüş banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Yslam Ösüş banky ýaly halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlyk has-da işjeňleşdirilmelidir. Bilelikde maýa goýum forumlary we işewürler maslahatlary geçirilmelidir» diýip, Arkadagly Serdarymyz aýtdy.