TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝANYŇ ASTRAHAN OBLASTYNYŇ GUBERNATORYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkini kabul etdi.
Russiýanyň iri sebitleriniň biriniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzy doglan güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem I.Babuşkin Türkmenistana gelmäge örän şatdygyny belläp, Astrahan oblasty bilen Türkmenistany ozaldan gelýän dostluk hem-de dürli ugurlar boýunça ösdürilýän netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Russiýa, şol sanda, onuň sebitleri bilen netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.
Özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti hem-de RF-niň iri sebitiniň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny bellediler.
Duşuşygyň dowamynda özara haryt dolanyşygynda harytlaryň görnüşlerini giňeltmek babatda umumy maksatlaryň bardygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň işewür toparlaryň arasynda has ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatynyň doly derejede durmuşa geçirilmeginiň uly geljeginiň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Astrahan oblastynyň portlarynyň arasyndaky üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmak boýunça netijeli tekliplere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ýurdumyzyň edaralarynyň we hususy bölegiň wekilleriniň Astrahanyň aýratyn ykdysady zolaklarynyň mümkinçiliklerini öwrenmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady we Türkmenistanyň Astrahan oblasty bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi (mfa.gov.tm)