TÜRKMEN WEKILIÝETI MINISTRLER DEREJESINDÄKI YKDYSADY WE ENERGETIKA MASLAHATYNA GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Tokio şäherinde “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde döredilen ministrler derejesindäki ykdysady we energetika dialogynyň gibrid görnüşinde birinji duşuşygy geçirildi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň habar berişi ýaly, mejlise türkmen tarapyndan “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy, döwlet ministri M.Babaýew sanly ulgam arkaly gatnaşdy.
Şeýle-de Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Nişimura Ýasutoşiniň alyp barmagynda geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika we tebigy serişdeler ministrleri hem-de sebit ýurtlarynyň Ýaponiýadaky Ilçihanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Türkmen tarapy howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça hökümet derejesinde alnyp barylýan syýasat we çäreler barada habar berdi. Şeýle hem “ýaşyl” energiýa çeşmelerine geçmek we zyýanly zyňyndylary azaltmak bilen bagly amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdyryp, olary durmuşa geçirmekde ýapon tarapynyň tejribesini öwrenmäge we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny mälim etdi.
Dialogyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.