TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «CARPI TECH» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «CARPI Tech» kompaniýasynyň baş direktory Fransua Troneli we kompaniýanyň hormatly prezidenti Alberto Maria Skuerony kabul etdi.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlara gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy kompaniýalary bilen bir hatarda, «CARPI Tech» fransuz kompaniýasy bilen hem netijeli işewür gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we myhmanlar ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bilen bagly özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini, hususan-da, suw üpjünçiligi ulgamynyň desgalarynyň gurluşygy babatdaky tejribesini çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda oba hojalyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, daşky gurşawy goramaga, suw serişdelerini dolandyrmaga hem-de suwarmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Döwletimiziň ekologik abadançylygy üpjün etmek üçin daşary ýurtly kompaniýalar we abraýly halkara guramalar bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirýändigi bellendi.