TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ NETIJELERINE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün, 2023-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan bu çärä ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdy.

Maslahata gatnaşyjylar şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, şeýle hem ýurduň mundan beýläk ösdürilmegine gönükdirilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini özünde jemleýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşlarynyň taryhy ähmiýetini nygtadylar.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmen döwletiniň geljekki ösüşine gönükdirilen strategiýalara we milli maksatnamalara aýratyn üns berdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow maslahatda çykyş edip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň döwletiň parahatçylykly daşary we içeri syýasatynyň aýratynlyklaryny, halkyň agzybirligini we jebisligini görkezýän ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka öwrülendigini nygtady.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan işleriniň tutuşlygyna Türkmen döwletiniň halkara abraýyny pugtalandyrmaga gönükdirilendigini, ýurduň çalt depginde ösmegi, şeýle hem durmuş abadançylygyny üpjün etmek üçin uly göwrümli milli maksatnamalary we özgertmeleri amala aşyrmagy maksat edinýändigini aýratyn bellediler.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan uly özgertmeleriň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellendi.

Maslahatyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary tarapyndan taýýarlanan “Parahatçylygyň ýaş çaparlary biz!” atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi.