TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA SERGILER BÝUROSYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesi kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda myhman Halkara sergiler býurosynyň ýurdumyz bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady we halkara giňişlikde Türkmenistanyň sergileri guramakda ýokary derejä ýetendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz myhmany mübärekläp, bu saparyň Türkmenistan bilen Halkara sergiler býurosynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda Halkara sergiler býurosynyň goldaw bermeginde guralýan sergi-ýarmarka işleri ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şeýle hem bu ulgamyň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini, ýakynda bolsa «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilendigini belledi. Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyz Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýär.

Türkmenistan Halkara sergiler býurosynyň agzasy bolmak bilen, bütindünýä we ýöriteleşdirilen gözden geçirilişlere işjeň gatnaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyz Şanhaýda, Milanda, Astanada, Dubaýda geçirilen sergilerde mynasyp wekilçilik etdi. 

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agzalan býuronyň Baş sekretaryny şu ýylyň 2-nji oktýabrynda Katar Döwletiniň Doha şäherinde bu guramanyň goldaw bermeginde guralýan «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli gutlady hem-de forumyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, bu halkara gözden geçirilişde ýurdumyzyň sergi bölümi guraldy we 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň milli gününi geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ýaponiýanyň Osako şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtap, döredilen guramaçylyk toparynyň bu ugurda degişli işleri alyp barýandygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara sergiler býurosy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, geljekde Türkmenistanda halkara ähmiýetli we ählumumy ösüşe gönükdirilen sergileri guramagyň şertlerine garamagyň maksat edinilýändigini aýtdy.