TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. 

Döwlet Baştutanymyz ozaly bilen RF-niň Prezidentini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady we berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de Russiýanyň halkynyň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. 

Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr. Biziň gatnaşyklarymyz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz giň ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. 

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirildi.

Medeniýet, ylym, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli pugtalandyrylýar, munuň özi iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynyň möhüm şertidir. 

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz türkmen-russiýa gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän uly ünsi we goldawy üçin russiýaly kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 

Russiýa Federasiýasynyň Baştutany mähirli gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, däp bolşy ýaly, dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara dialogynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. 

Telefon söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.