WENA BALYNA GUTLAG

Pandemiýa zerarly iki ýyllyk arakesmeden soňra dünýäniň saz paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşmaga we ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Nusgawy sazyň Wena döwri diýip atlandyrylýan zamanynda bu şäher Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlara dünýä belli sazlaryny döretmäge ylham berdi.

Awstriýanyň paýtagty tansyň hem-de Wena bal däpleriniň halkara paýtagty hökmünde hem meşhurdyr. Tutuş dünýäde adamlar täze ýylyň başlanmagyny ady rowaýata öwrülen «Mawy Dunaý» wals tansy hem-de Ştrauslar neberesiniň agzalarynyň tans sazlary bilen belleýärler.

Wenanyň gaýtalanmajak dünýäsi bilen döredilen özboluşly we täsin sazy netijesinde däp bolan Wena ballary daşary ýurtlarda iri halkara çärelerine öwrüldi. Aşgabatdaky myhmanlarymyz her ýylda geçirilýän Wena opera balynda «Alles Walser!» çagyryşyny ýene-de eşidip bilerler.

Başga ýurtlarda geçirilýän Wena ballarynda Wena şäheri tutuş dünýä bilen durmuşy dabaralandyrýan dostluk ruhuny paýlaşýar.

Türkmenistandaky Wena baly şatlygyň, parahatçylygyň we halkara özara düşünişmegiň nyşany bolup durýar.

Şu nukdaýnazardan, çäräni guraýjylara uly üstünlikleri, ähli myhmanlara bolsa ýatdan çykmajak agşamy hem-de däp bolan Wena walsynyň jadyly owazy astynda Wenanyň gaýtalanmajak dünýäsinden lezzet almagy arzuw edýärin.

Mihael Lýudwig,
Wenanyň meri we gubernatory.