KIPRIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYK

23-nji oktýabrda “Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi” ministrler duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombos bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklary güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler. Hususan-da, iki ýurtdaky ilçileriň parallel akkreditirlenmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Mundan başga-da, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin esas hökmünde halkara guramalarynyň meýdançalarynda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşykda degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmegiň zerurlygy hem nygtaldy. Bu maksat bilen, iki tarap hem ýakyn wagtda gol çekmek niýeti bilen Türkmenistanyň we Kipriň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamany işläp taýýarlamak meselesine özara gyzyklanma bildirdiler.

Ykdysady ugurda ministrler söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmek mümkinçiligini bellediler. Bu ugurda işewür wekiliýetleriň alyş-çalşygy we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek boýunça jikme-jik geňeşmeleri geçirmek teklip edildi.