TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI GRUZIÝANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Prezident Köşgünde ilçi Döwletmyrat Seýitmämmedowyň Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Gruziýanyň Prezidenti S.Zurabişwili Türkmenistanyň ilçisini jogapkär wezipä bellenilmegi bilen gutlady we diplomatik işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Gruziýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Salome Zurabişwili Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň mähirli sözleri üçin minnetdarlygyny bildirip, öz gezeginde ilçä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň mähirli we hoşniýetli salamyny hem-de Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek meselelerine degip geçildi.