TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ANKARADA TÜRKMEN-TÜRK IŞEWÜRLIK FORUMYNA GATNAŞDY

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşdy.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň merkezi edara binasynyň zalynda Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu hem-de senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly döwletiň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisi bilen tanyşdy.

Şeýle hem sergide dokma senagaty kärhanalarynyň önümleri: çagalar we ulular üçin egin-eşikleriň, matalaryň dürli görnüşleri, sowgatlyk toplumlar, ajaýyp türkmen el halylary, ýurdumyzyň telekeçileriniň önümleri görkezildi.

Işewürlik forumynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti türk tarapynyň wekilleri bilen duşuşdy, olar döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini bellediler.

Şunda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri açýan möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň we taslamalaryň başyny başlan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşandygy aýratyn bellenildi.

Häzirki tapgyrda Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyz agzalan taslamalary, aýratyn-da, döwrebap “akylly” şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek “Aşgabat-siti” konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana çagyrdy.

Türkmenistan daşary ýurtlar bilen maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär. Bu ýerde esasy maksat ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýar. Şeýlelikde, biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki maýa goýum gaznasyny hem-de maýa goýumlar boýunça bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi.

Mundan başga-da, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda energetika ulgamy giň orun tutýar. Bu ýerde gürrüň türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi barada barýar. Türkmenistan energiýa serişdelerini öndürýän, üstaşyr geçirýän we sarp edýän taraplaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutmak ýörelgesinden ugur alyp, türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bu ugurda özara hereketlere açykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Ulag-kommunikasiýa pudagy möhüm we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda täze ulag desgalarynyň, awtomobil we demir ýol geçelgeleriniň giň gerimli gurluşyk işleri alnyp barylýar, howa, deňiz menzilleriniň durky täzelenýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ulag edaralarynyň, assosiasiýalarynyň, kompaniýalarynyň arasynda yzygiderli esasda iş duşuşyklaryny geçirmegi teklip etdi.

Şunuň bilen birlikde, döwlet ulag edaralarynyň, hususy ulag-logistika kompaniýalarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki ulag-logistika merkezini döretmek maksadalaýyk hasaplanýar.

Oba hojalygyny ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezmek bilen, hormatly Prezidentimiz biziň esasy wezipämiziň ýurtlarymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekden we bu ugurda halkara tagallalara goşant goşmakdan ybaratdygyny belledi. Şonuň üçin-de Türkmenistanda oba hojalygy we agrosenagat pudagyna köp mukdarda maýa goýlup, onuň maddy-tehniki binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, tohumçylyk we seçgiçilik ulgamyny ösdürmek, täze tilsimatlary önümçilige ornaşdyrmak babatda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we tejribe alyşmak boýunça teklibini öňe sürdi. Türkmenistan bu ugurlarda ýöriteleşen türk kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyr.

Çykyşynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu gün tutuş dünýäniň howanyň üýtgemegi we beýleki ekologik wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny nygtady. Şeýle şertlerde suw hojalygy pudagynyň ähmiýeti yzygiderli artýar.

Ýurdumyz suw üpjünçilik hem-de suw paýlama ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmagy meýilleşdirmek bilen, bu derwaýys pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlyga ähmiýet berýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz suw serişdelerini rejeli ulanmak we suw tygşytlaýjy tilsimatlary ornaşdyrmak babatda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagy baş wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şunda anyk taslamalar hökmünde Garagum derýasynyň hanasynyň hem-de ýan kanallarynyň infrastrukturasynyň täzelenmegi we giňeldilmegi bellenildi. Bu ugurlarda degişli türk kompaniýalary bilen ysnyşykly hereketleri alyp barmaga taýýarlyk beýan edildi.

Senagat pudagynyň ösüşi we önümçilik kooperasiýasy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan bir bölegi bolup durýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de ösdürmek boýunça Türkmenistanda degişli işler geçirilýär.

Şular barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýetiň ösmeginde ylym we tehnikanyň ornunyň gün-günden ýokarlanýandygyny nygtady. Şunlukda, ýurtlarymyzyň täze talaplara laýyk ösmegi, döwür bilen aýakdaş gitmegi möhüm bolup durýar.

Türkmen tarapy Türkiýe bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýär. Bu günki duşuşykda öňümizde duran uly wezipeler we hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri barada maslahat edýäris. Biz iki tarap üçin hem bähbitli bolan netijeli pikirleri we teklipleri hoşallyk bilen kabul etmäge taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de ýurtlarymyzyň, hususan-da, işewür toparlarymyzyň bu meselelere tagalla bilen çemeleşjekdiklerine ynam bildirdi.

Ara alyp maslahatlaşmalary şu ýylyň 6 — 8-nji dekabrynda Türkmenistanda guraljak Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň çäklerinde-de dowam etdirip boljakdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz nobatdaky Türkmen-türk işewürlik maslahatyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Soňra çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz şu günki işewürlik forumyna Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, onuň geriminiň giňeldilmegine täze itergi berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyzda dürli ulgamlarda, şol sanda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli düzümleýin taslamalara, Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna, beýleki möhüm ähmiýetli taslamalara gatnaşmaga ýokary gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Soňra Türkiýe Respublikasynyň senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyr çykyş edip, şu gezekki işewürlik forumyna gatnaşandygy we mazmunly çykyşy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu, öz gezeginde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa türkmen-türk hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ony hil taýdan täze derejä ýetirmäge berýän ünsi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi. Şunda dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, bilelikdäki täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi.

Türkiýeli hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyz bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmäge, ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygy «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygyň çykyşynda hem tassyklanyldy.

Soňra Türkmen-türk işewürlik maslahaty iki ýurduň degişli döwlet we işewürlik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda dowam etdi. Onda bar bolan kuwwaty we uzak möhletleýin geljegi göz öňünde tutup hem-de hormatly Prezidentimiziň öňe süren tekliplerinden ugur alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň jemleri boýunça türkmen we türk telekeçileriniň arasynda dürli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, obasenagat toplumy, azyk senagaty pudagy, ugurdaş enjamlary satyn almak babatda birnäçe resminamalara gol çekildi.