ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hirýoýuki Ýamamoto bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy döwletara we parlamentara gepleşikleriň ösmegine goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda syýasy, söwda, ykdysady, maýa goýumlary, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi we mümkinçilikleri ýaly birnäçe möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. BMG bilen birlikde halkara guramalarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda ýapon diplomaty iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanda diplomatik missiýasynyň durmuşa geçirilmegine doly goldaw we ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.