TDIM-INDE TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYNYŇ MÖHÜM UGURLARYNA SEREDILDI

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşygy geçirildi.  

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň we depginli ösüş häsiýetini belläp, ýakyn wagtda geçiriljek çäreleriň we sammitleriň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň kömegi bilen iki dogan döwletiň giň ugurlarda netijeli we täsirli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy durmuşa geçirýändigini mälim etdiler. Şol bir wagtyň özünde, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň işi türkmen-özbek gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezilýär.

Sebit meseleleri boýunça ýakyn hyzmatdaşlygyň möhümligini belläp, R.Meredow Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň liderleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň awgust aýynda Aşgabatda geçirilen üçtaraplaýyn sammitiň ähmiýetini sebitara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösmegine itergi beren we gatnaşýan ýurtlaryň özara peýdaly hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin esas döredendigini belläp geçdi.  

Ministrler taraplaryň arasynda özara düşünişmegiň ýokary derejesini we halkara guramalardaky işleriň çäklerinde garaýyşlaryň meňzeşligini bellediler. Şeýle hem diplomatlar “Merkezi Aziýa+” hyzmatdaşlyk formatlarynyň,  şol bir wagtda ýakynda Lýuksemburgda geçirilen Merkezi Aziýanyň Daşary işler ministrleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň duşuşygyny, şeýle hem şu günler Aşgabatda geçirilýän  Merkezi Aziýa döwletleriniň weÝHHG-niň Daşary işler ministrleriniň mejlislerini ähmiýetini bellediler.