ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory Matteo Mekaççiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda ministr bu saparyň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi nukdaýnazaryndan möhümdigini belledi. Türkmenistanyň beýleki halkara guramalar bilen bir hatarda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy, Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň edarasy, Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasy, Metbugat azatlygy boýunça wekiliň edarasy ýaly düzümleri bilen netijeli aragatnaşyk saklaýandygy nygtaldy.
Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň missiýasynyň Türkmenistanda geçirilýan prezident we parlament saýlawlaryna baha bermek üçin yzygiderli gatnaşýandygy bellenildi.
Taraplar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasynda kanunçykaryjylyk işlerine ýardam bermek, Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasyna goldaw, saýlaw prosesslerini güýçlendirmek, metbugat azatlygyny ilerletmek we maglumat elýeterliligini artdyrmak, şeýle hem adam hukuklary babatynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin mümkinçiliklere seredip geçdiler.
Saparyň dowamynda ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktorynyň Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy, Ýokary Kazyýetiň, Adalat ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Adalatçysy bilen duşuşyklary geçirildi.