Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon gepleşigi barada
2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit meseleleri boýunça pikir alyşdylar.