Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri çözmekde ýaşlaryň orny barada sebit maslahaty geçirildi
2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersisetinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bilen hyzmatdaşlykda “Howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri çözmekde ýaşlaryň orny” atly Sebit maslahaty guraldy.
Gibrid formatynda geçen forumyň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýaşlar we ekologiki guramalarynyň wekilleri, halkara ekspertler, Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek işine ýaşlary çekmek meselesi barada pikir alyşmalar boldy.
Maslahata gatnaşyjylar onuň çäklerindäki gepleşikleriň özara pikir we tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döredýändigini, howanyň üýtgemegine garşy göreşe ýaşlaryň gatnaşmagy bilen bagly köp meselelerde, şeýle hem olary bu möhüm meseläni çözmek işine çekmek boýunça umumy pikirleri we teklipleri işläp taýýarlamak üçin netijeli binýat bolandygyny bellediler.
Ýaşlaryň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerden habarly bolmagyna, hususan-da, global derejede howanyň üýtgemegine ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň uýgunlaşmagyna aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Merkezi Aziýa sebitindäki howa boýunça gün tertibi, şeýle hem howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň hereketlendiriji güýç hökmündäki eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda howanyň üýtgemegine garşy göreş alyp barmak meseleleriniň ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygyny we oňa, ilkinji nobatda, ýaşlaryň gatnaşmagyny talap edýändigi barada pikir beýan edildi.
Öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek, uýgunlaşma tehnologiýalary ulgamynda toplanan tejribäni ulanmak nukdaýnazaryndan, bu forum ýaş gatnaşyjylara howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, şol sanda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda milli maksatnamalary we sebit taslamalary ösdürmek üçin mümkinçilik berýär.
Sebit maslahaty umumy we mowzuklaýyn mejlisler görnüşinde geçirildi.