Alžiriň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň (oturýan ýeri Ankara ş.) täze bellenilen Ilçisi Amara Belaniniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-alžir gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady.

Söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň güntertibi barada maslahatlaşdylar, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda,-ykdysady, medeni-ynsanperwer ýaly möhüm ugurlardaky türkmen-alžir hyzmatdaşlygyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak barada pikir alyşdylar.

Halkara guramalaryň, hususanda BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyk bellenilip geçildi.