Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-NYŇ Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-IŇ Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza we Arkadagymyza Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň hem-de Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dürli ulgamlarda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda komitetiň altynjy mejlisiniň gün tertibi boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, mejlise taýýarlygyň çäklerinde söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, ynsanperwer we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk babatda kiçi komitetleriň mejlisleri hem-de beýleki duşuşyklar geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki mejlisiň netijeleriniň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary döwlet, Hökümet we ministrlikler derejesinde netijeli ösdürilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen birlikde, parlament we partiýa wekilleriniň gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Sebitara hyzmatdaşlyk hem täze ösüşe eýe boldy.

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmekde ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň uly ähmiýeti barada aýtmak bilen, syýasy ýolbaşçylarynyň Türkmenistana we HHR-na saparlarynyň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň häzirki wagtda möhüm wezipe bolup durýandygy nygtaldy.

Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň täze derejä çykandygy bellenildi. Köp ýyllardan bäri Hytaý Türkmenistanyň iň iri daşary ykdysady hyzmatdaşy bolup durýar. Energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy özara bähbitli gatnaşyklaryň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Döwletara dialogda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir. Türkmenistan bilen HHR sebit derejesinde we halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde-de oňyn hyzmatdaşlyk edýärler.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.