Türkmenistanda Benin Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Benin Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akambi Andre Okunlola-Biauwdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Doly ygtyýarly wekil mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa Benin Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we onuň köpugurly işleri, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak babatda alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, özara düşünişmegi we ynanyşmagy pugtalandyrmak, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, ýakyn parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak teklip edildi.
Akambi Andre Okunlola-Biau Benin Respublikasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady.