Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gyrgyzstanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Bişkek şäherinde Prezidentiň “Ala-Arça” kabulhanasynda Ilçi N.Gölliýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.   

Ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasynyň barşynda Ilçi Gyrgyz  Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi. 

Prezident S.Žaparow Türkmenistanyň Ýolbaşçylarynyň adyndan aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda Ilçiden Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa iň ýakymly sözleri we dostlukly salamlaryny ýetirmegi sorady, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş ugrundaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.