Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew, türk wekiliýetine bolsa Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, sebit we köptaraplaýyn meseleler, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasy esasynda kabul edilen iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň işjeňligini we ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat, tehnologiýalar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şähergurluşyk, oba hojalyk we sport ulgamlary özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şeýle hem mejlisiň çäklerinde Hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisiniň çäklerinde energetika ulgamynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hususan-da, taraplar türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermek taslamasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alnyp, ady agzalan taslamanyň geljeginiň uludygy bellenildi we taraplar ýakyn wagtda ugurdaş edaralaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmäge girişmegi ylalaşdylar.

Toparyň agzalary geljegi uly ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri bellediler. Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň wekilleriniň guralýan halkara maslahatlara we beýleki forumlara gatnaşmaklary hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam eder.

Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.