Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi bilen duşuşygy hakynda

2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund bilen duşuşygy geçirildi.

Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetirijisi myhmansöýerlik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, şu günki taryhy wakalaryň Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky möhüm ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Owganystanyň iň ýakyn goňşy döwleti bolmak bilen, ýurduň syýasy-ykdysady durnuklylygynyň üpjün edilmegi üçin halkara tagallalaryň birleşdirilmegi ugrunda çykyş edýändigi hem-de yzygiderli kömek-goldawlaryny berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa bu ugurda alyp barýan asylly işleri üçin hoşallyk beýan edildi.

Myhman owgan we türkmen halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklaryň häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykarylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Serhetabat - Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedinde täze demir ýol köprüsiniň açylmagynyň, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat - Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat - Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine girişilmeginiň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy – Sanabar aralygynda demir ýoluň gurluşygyna başlanylmagynyň, Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekediniň işe girizilmeginiň taryhy ähmiýeti nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Owganystanyň Hökümetiniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisini görýändigine şatdygyny aýtdy.

Iki dostlukly ýurduň gatnaşyklary özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine daýanýar. Munuň özi bilelikdäki giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagynda, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri işe girizilýän hem-de düýbi tutulýan desgalaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklarynda täze sahypany açýandygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň diňe iki ýurduň halklarynyň bähbidine däl-de, eýsem, sebitdäki beýleki goňşy döwletleriň durmuş-ykdysady ulgamynyň kämilleşmegine hem goşant goşjakdygy nygtaldy.

Ynanyşmak we netijeli häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki möhüm meseleleri barada hem pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Molla Mohammad Hasan Ahund birek-birege jan saglyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Soňra taraplar täze infrastruktura desgalarynyň açylyşy we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdylar.