BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ýaşyl we durnukly energetika, metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada Türkmenistanyň başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu başlangyç Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürüldi we Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäginde ileri tutulýan garaýyşlarynyň hatarynda görkezildi.

Gepleşigiň çäginde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň gün we ýel energiýasy babatda bilermenlik goldawy, şeýle hem energiýany saklamak we geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu ugurdaky meseleleri çözmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.