PRESS-RELIZ

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasatynda ýurdumyzyň Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek üçin sportuň mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak, halkara sport hyzmatdaşlygy meselelerindäki işjeň ýörelgelerinden ugur alyp, daşary syýasy başlangyçlaryny dünýäde geljekde ýaýbaňlandyrmak ugry aýratyn orna eýedir.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde «Bütindünýä welosiped güni» atly Rezolýusiýasy kabul edildi. Bu Rezolýusiýanyň awtordaşy bolup dünýäniň 56 döwleti çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda, ilkinji gezek Türkmenistanda, ýurt baştutanynyň gatnaşmagynda paýtagtyň we beýleki welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň müňlerçesiniň, daşary ýurtly myhmanlaryň, türgenleriň we welosiped söýüji ýaşlaryň gatnaşmaklarynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, köpçülikleýin welosiped ýörişleri dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Bu dabaraly çäre diňe bir Türkmenistanda däl-de, Azerbaýjan, Awstriýa, Gruziýa, Ukraina, Özbegistan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Eýran, Russiýa Federasiýasy, Rumyniýa, Belarus Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Germaniýa, Malaýziýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Şweýsariýa, Italiýa ýaly ýurtlaryň paýtagtlarynda we beýleki şäherlerinde ýerleşýän Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary köpçülikleýin welosiped ýörişlerini guradylar.

Bu ýörişlere türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň, jemgyýetçilik, sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlaryň, şol sanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň umumy iki müňden gowragy gatnaşdylar.

3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyçlarynyň biragyzdan ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär. Bu taryhy waka biziň döwletimiziň halkara abraýynyň artýandygyny, onuň parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.