Aşgabat şäherinde «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi.
Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň wekilleri, şeýle hem KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakdan ybaratdyr.
Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçiliklerini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň zerurlygy nygtaldy.
Ilki bilen, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary Wiorel Gusu çykyş etdi. FAO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligine ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, oba hojalyk we azyk üpjünçilik ulgamlarynyň öňünde biodürlüligi saklamak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy ýaly wajyp wezipeler durýar.
FAO öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan sanly oba hojalygy babatda döwrebap çözgütleri ilerledýär. Bu bolsa ekinleriň we topragyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge, çykdajylary azaltmaga, hasyllylygy ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Maslahatyň dowamynda Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (MAGATE) Baş direktory Rafael Grossi sanly ulgam arkaly çykyş edip, şu günki möhüm çärä gatnaşýandygyna şatdygyny aýtdy. Bu agentligiň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barýan işleri barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.
Türkmenistan Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ilerledýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu guramanyň işjeň agzasy bolmak bilen, onuň howanyň üýtgemegi, azyk howpsuzlygy boýunça durmuşa geçirýän sebit we milli taslamalaryna yzygiderli gatnaşýandygy bellenildi.
Halkara maslahatyň çäginde «Howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny we azyk ulgamlarynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki çemeleşmeler», «Durnukly azyk we oba hojalyk ulgamlary üçin howa maliýeleşdirilişini işjeňleşdirmek», «Tagallalary hereketlere öwürmek: howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky umumy tejribeler hem-de geljekki ädimler» atly bölümçeler geçirildi.
Bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär we onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň arasynda resminama gol çekildi.
Halkara maslahata gatnaşyjylar şu günki duşuşygyň möhüm ähmiýetini belläp, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.