«Amul — Hazar 2018» mediaforumy

9-njy iýunda Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde öňde boljak “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine hem-de onuň çäklerinde geçirilýän welosipedli ýörişe we ylgaw ýaryşlaryna bagyşlanan mediaforum boldy. Forumyň işine ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, sebitiň häkimliginiň, welaýat sport we ýaşlar syýasaty müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Mary” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada foruma gatnaşyjylary sungat ussatlary aýdym-sazly kompozisiýa, şeýle hem görkezme maksatnamalary bilen çykyş eden türgenler garşyladylar. Aýdymlarda ata Watanymyza, milli Liderimize — ýurdumyzda ajaýyp özgertmeleriň başyny başlaýjy ynsana bolan çäksiz söýgi we hoşallyk wasp edildi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň halkymyzyň abadançylygynyň, biziň ýeňişlerimiziň hem-de ähli beýik başlangyçlarymyzyň esasynda durýandygy, sportuň bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmekde ajaýyp itergi bolup durýandygy baradaky pikir çykyşlaryň düýp mazmunyny düzdi.

Myhmanhananyň eýwanynda köpugurly sergi guralyp, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň ösdürilişi barada gürrüň berilýär.

Mediaforumyň başlamagynyň öňüsyrasynda türkmen sportunyň üstünlikleri, bu ulgamda döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň halkara sport abraýyny ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga raýatlaryň mümkin boldugyça has köp sanlysyny çekmäge hem-de milletiň saglygyny berkitmäge gönükdirilen syýasaty barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi. Milli Liderimiziň ýokary tizlikli ulagy ussatlarça dolandyrýan, hemmetaraplaýyn sport taýýarlygyny görkezýän hem-de köpçülikleýin-bedenterbiýe çärelerine gatnaşýan şekilleri aýratyn täsir galdyrdy.

Forumda çykyş edenler, ilkinji nobatda, sporty täze, dünýä derejesine çykarmak üçin ýurdumyzda hemme şertleri döretmekde hormatly Prezidentimiziň eýeleýän ajaýyp ornuny bellediler. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde amala aşyrylýan ähli işler ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyna we däplerine daýanýan halkymyzyň durmuşynda oňyn özgertmelere alyp barýar.

Halk hojalyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagy, ykdysadyýetiň täze pudaklarynyň döredilmegi, durmuş düzümleriniň ösdürilmegi bilen bir hatarda, saglygy goldamagyň hemmelere elýeterli serişdesine hem-de jemgyýetiň döredijilik kuwwatynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýän ýokary netijeli sporta we bedenterbiýäniň wagyz edilmegine uly üns berilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzda döwrebap sport desgalary yzygiderli gurulýar we ulanmaga berilýär, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna gönükdirilen düşündiriş we wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli guralýar.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara sport giňişliginde mynasyp orny eýelemegi üçin yzygiderli çäreleri görýär. Bu ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça milli Liderimiziň depginli syýasaty dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe boldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Bu waka Merkezi Aziýa ýurtlaryndan ilkinji bolup şeýle iri möçberli ýaryşlary geçirmek ynanylan döwletimize halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň ýygyndy topary bu ýaryşlarda uly netijeleri gazanyp, medallaryň sany boýunça birinji orny eýeledi. “Aşgabat 2017” oýunlary ýurdumyza has-da uly ýaryşlary kabul etmek üçin gymmatly tejribä eýe bolmaga mümkinçilik berdi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl ýurdumyzda agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny hem-de “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini, şeýle hem beýleki halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirildi. Ýakynda bolsa döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli uly sport çäresi geçirildi.

22-nji maýda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň ýörite göçme mejlisi ýurdumyzda sporty mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlandy. Şonda milli Liderimiz bu ulgamyň öňünde baş wezipeleri kesgitledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu mejlisde beren tabşyryklarynyň birnäçesi “Amul — Hazar 2018” awtorallisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk görmäge degişli boldy.

Şunuň bilen baglylykda, mediaforuma gatnaşyjylar awtomobil ýaryşlaryny maglumat taýdan üpjün etmek baradaky meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar. Şol ýaryşyň ugurlary Garagum sährasyny kesip we köp şäherleri öz içine alyp, gadymyýetde ýurdumyzyň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly boýunça amala aşyrylar. Binagärlik ýadygärliklerini goşmak bilen, bu taryhy ýoluň mirasy rallini maglumat taýdan goldamagyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde örän giňden beýan edilmäge mynasypdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen geçen aýda Moskwada geçirilen “Amul — Hazar 2018” taslamasynyň tanyşdyrylyşyna aýratyn üns çekildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz halkara awtoralli ýaly şeýle iri möçberli çäräni diňe bir guramak pikirini öňe sürmän, eýsem, milli Liderimiziň hut özi guramaçylyk meselelerini nazara almak bilen oňa taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlaryny üns merkezinde saklaýar. Munuň özi bu awtosport taslamasyna belent dereje berýär. Çölüň içinden geçýän ýoluň çylşyrymly böleklerini sport awtoulagynyň başynda milli Liderimiziň hut özi barlap gördi. Özi-de muny iki gezek amala aşyrdy: şu ýylyň fewralynda, Lebap welaýatynda “Beýik Ýüpek ýoly” diýen at bilen köpçülikleýin ýaryşlara badalga berlende hem-de ýakynda “Amul — Hazar 2018” rallisine gatnaşmak üçin türkmen toparlarynyň arasynda saýlama ýaryşlary geçirilen wagty şol ýollary synag etdi. Iki gezekde-de döwlet Baştutanymyz tejribeli awtoulag türgeni hökmünde ajaýyp netijeleri görkezdi diýip, mediaforuma gatnaşyjylar bellediler.

Çykyş edenler şeýle hem halkara sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmeginiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan baş wezipelerini çözmegiň netijeli usuly bolup durýandygyny bellediler. Şol wezipeler sport arkaly Türkmenistany bütin dünýä tanatmakdan ybaratdyr. Şunda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine esasy orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyzyň asylly işleri ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekýär, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine bolsa ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylary, iň kiçi ýaşlylardan başlap, ululara çenli gatnaşýarlar. Munuň şeýle bolmagynda milli Liderimiziň ägirt uly hyzmaty bardyr. Munuň üçin foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk we uzak ömür, ähli başlangyçlarynda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Foruma gatnaşyjylar köpugurly sport toplumyna we Mary şäheriniň 4-nji sport mekdebine baryp gördüler hem-de ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy, dünýäniň sport giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny goramaga mynasyp ýaş zehinleri terbiýelemek üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar. Myhmanlar üçin türgenleriň görkezme çykyşlary guraldy.

Foruma gatnaşyjylar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna bardylar. Soltan Sanjaryň kümmetiniň ýanyndaky meýdançada halk döredijilik toparynyň we teatryň artistleriniň sahnalaşdyrylan çykyşlarynda gadymy döwürlerde Gündogar bazaryna mahsus pursady görkezdiler.